TAKYK MEDIA
@takyk.media • 158,000 subscribers
Videos
#takyk #Türkmenistan #medeniýet #saz #FarhatÖräýew Farhat Öräýewiň ogly kakasyny aýdym bilen begendirdi! «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, belki-de, geljekde kakasy ýaly meşhurlyk gazanyp, ýüreklere ýol tapjak ýaş aýdymçy kemala gelýändir. «Kaka» atly aýdymy tüýs ýürekden ýerine ýetiren oglanjyk kakasynyň göreldesine eýerýär. Kimsi kakasyny kaka hakyndaky aýdym bilen begendirýän bolsa, kimsi aýdym bilen perzentlerini begendirýär. Şatlyk Gurbannazarow gyzynyň doglan gününe «Gyzym» atly aýdymy sowgat etdi. Bu aýdym diňe bir doglan gününi belleýän körpejä däl, eýsem, kakalarynyň şagyzy bolan ähli gyzjagazlara bagyşlandy. Ýyldyzlaryň täzelikleri Takyk mediada! Takyk media — ýyldyzlaryň parlaýan ýeri!
TAKYK MEDIA43,000 次观看 • 1 天前
@leyli_karova #takyk #Türkmenistan #moda #dizaýn #LeýliKarowa Türkmenistanly gyz Leýli Karowa Amerikany we dünýä moda dünýäsini haýran galdyrýar! Onuň döredijilik ylhamynyň gözbaşy türkmen milli medeniýetiniň baý öwüşginleri bilen berk baglanyşykly. Zehinli dizaýner Leýli Karowa indi öz işlerini türkmenistanly müşderilere hem hödürleýär. Siz hem gaýtalanmajak, aýratyn we eksklýuziw egin-eşikleri geýmek isleýärsiňizmi? Onda Leýli Karowanyň web sahypasyna girip ýa-da Instagram, TikTok we YouTube sahypalaryna göz aýlap bilersiňiz. Şeýle hem halaýan önümleriňizi sargyt edip bilersiňiz!
TAKYK MEDIA86,700 次观看 • 2 天前
@Zyýat_hil_official #takyk #Türkmenistan #konditer “Zyýat hil” — siziň iň gowy görýän süýji-kökeleriňiz, täze bişen tortlaryňyz we dürli konditer önümleriňiz! Aşgabatdan Gökdepe çenli sargydyňyz 150 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt! “Zyýat hil” bilen süýji pursatlaryň lezzetini alyň!
TAKYK MEDIA314,400 次观看 • 7 天前
@Sada Business Lunch #takyk #Türkmenistan #medeniýet #edebiýat #AtajanAnnaberdiýew «Aýal dogan» goşgusynyň awtory kim? Batyr Muhammedowyň ýerine ýetirmeginde meşhur bolan «Aýal dogan» aýdymynyň sözlerini türkmen şahyry Atajan Annaberdiýew ýazypdyr. Her bir setiri ýürege täsir edýän bu goşgy ýyllar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmeýär. Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolan Atajan Annaberdiýewiň bu eseri aýal dogana bolan mähri, hormaty we söýgini çuňňur beýan edýär. Şahyryň setirleri ony söýüp okaýanlaryň ýüreginde, aýdym bolsa diňleýjileriň kalbynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Siz aýal dogan hakynda ýene haýsy aýdymlary bilýärsiňiz?
TAKYK MEDIA32,000 次观看 • 1 天前
#takyk #Türkmenistan #sungat #rep #DZED Bu gün sahnanyň şiri DZ-ED-iň doglan güni! DZ-ED lakamy bilen tanalýan Nurylla Gökleňow 1985-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol ýokary bilimini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alýar. Aýdymçynyň DZ-ED tahallusy hem aýratyn many berýär. «DZ» — Daşoguz sözüniň gysgaltmasy, «ED» bolsa iňlis dilindäki öten zaman goşulmasydyr. Şeýlelikde, ol öz tahallusy arkaly Daşoguzdan gelip çykandygyny belleýär. Nurylla Gökleňow 2000-nji ýyllardan bäri rep sungaty bilen meşgullanýar. Onuň aýdymlary köp sanly diňleýjiniň söýgüsini gazanyp, özboluşly dünýä alyp gidýär. Takyk medianyň agzalarynyň adyndan DZ-ED-i doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Oňa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. Siz DZ-ED-iň haýsy aýdymyny has köp halaýarsyňyz?
TAKYK MEDIA138,200 次观看 • 5 天前
#takyk #Türkmenistan #medeniýet #DJ #ene Oglunyň ýeňşi bir enäniň iň uly buýsanjyna öwrüldi! Ogly iň gowy DJ boldy, ene ýüregi bolsa buýsanja doldy! «Takyk media» tarapyndan Türkmenistanda iň gowy DJ-i saýlamak maksady bilen geçirilen bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan DJ Ihtigiň ýeňiş habary ejesine çäksiz şatlyk we buýsanç paýlady. Çünki her bir ene-ata üçin perzendiniň gazanan üstünligini görmekden uly bagt ýok. Olar çagalarynyň durmuşda öz ornuny tapmagyny, üstünliklere ýetmegini arzuw edýärler. Ine, bu gün ýene bir enäniň ýürekden eden arzuwy hasyl boldy. Oglunyň ýeňşi onuň üçin ýatdan çykmajak buýsançly pursada öwrüldi. DJ Ihtigi bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Oňa geljekde-de täze üstünlikleri we döredijilik ýolunda uly ýeňişleri arzuw edýäris!
TAKYK MEDIA85,700 次观看 • 3 天前
@Sada Business Lunch #takyk #türkmenistan #mahabat #nahar #günortanlyk Günortanlyk nahar üçin her gün daşary çykyp, wagtyňyzy ýitirýärsiňizmi? «Sada» lanç bilen bu mesele indi çözüldi! Her gün täze menýu, her gün täze lezzet! «Sada» lanç sizi her gün dürli tagamly günortanlyk naharlary bilen üpjün eder: • Milli naharlarymyzdan başlap, dünýä aşhanasynyň tagamlaryna çenli; • Hepdäniň her güni täze we dürli tagamlar; • Edil öýüň nahary ýaly tagamly we işdäaçar. Gyzgyn, tagamly günortanlyk naharyňyzy amatly bahadan, öz wagtynda sargyt ediň!
TAKYK MEDIA156,700 次观看 • 6 天前
@Sada Business Lunch #takyk #Gazagystan #medeniýet #bloger #OmarAliyev Meşhur bloger Türkmenistanyň Döwlet senasyny aýtdy Gazagystanly meşhur bloger Omar Aliýew türkmen dilinde çykyş edip, öz yzarlaýjylaryny Türkmenistan we türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrdy. Ol wideolarynyň birinde Türkmenistanyň Döwlet senasyny, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň aýdymyny ýerine ýetirdi. Omari sosial ulgamlarda 70 milliondan gowrak yzarlaýjysy bilen dünýäniň meşhur blogerleriniň hatarynda durýar. Onuň TikTok platformasynda 61 milliondan gowrak, Instagramda bolsa 10 million töweregi yzarlaýjysy bar. Bloger TikTok-da yzarlaýjylarynyň sany boýunça dünýäniň ilkinji 50 blogeriniň hataryna girýär. Onuň türkmen dilindäki çykyşy millionlarça tomaşaça Türkmenistanyň medeniýetini tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Siz bu wideolary gördüňizmi?
TAKYK MEDIA298,700 次观看 • 11 天前
#takyk #fransiýa #iýmit #peýnir Heňlän peýniriň syry Heňlän peýnirler näme üçin beýlekilerden gymmat bolýar? Geliň, takyk seredip geçeliň. Rokfor, Gorgonzola ýa-da Stilton ýaly heňlän peýnirler adaty peýnirlerden has gymmat bahadan satylýar. Munuň esasy sebäbi — olary öndürmegiň çylşyrymly we ýörite şertleri talap etmegidir. Bu peýnirleriň özboluşly tagamyny we aýratyn görnüşini döretmek üçin temperatura hem-de çyglylyk derejesi berk gözegçilik edilýän ýörite ýerlerde uzak wagtlap saklanýar. Şeýle hem, olaryň bişiş döwri adaty peýnirlerden has uzak bolýar. Bu bolsa öndürijiden köp wagt, zähmet we berk hil gözegçiligini talap edýär. Sebäbi önümçilik döwründe goýberilen islendik ýalňyşlyk tutuş önümi zaýalap biler. Şonuň üçin siz diňe bir peýniriň özüne däl, eýsem onuň ýörite önümçilik prosesine, uzak wagtlap saklanyşyna we ýokary hiline hem töleýärsiňiz. Siz heňlän peýniri halaýaňyzmy? Pikirleriňizi teswirde ýazyň!
TAKYK MEDIA16,200 次观看 • 3 个月前
没有更多内容可加载









